Top.Mail.Ru

Ýanwar aýynda 300 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

12:0006.02.2024
0
26007

2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýurduň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alnan «gara altynyň» umumy möçberi 300 müň tonnadan hem köp boldy. Netijede, hereket edýän guýulardan nebit çykarmak baradaky bir aýlyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şunda ösüş depgini 109 göterime barabar ýokarlandyryldy. Gazanylan üstünlikde ýangyç-energetika toplumynyň iň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniňem mynasyp paýy bar.

Konserniň burawlaýjylary gürrüňi edilýän aýda dag jynslarynyň 9 müň 929 metre barabar çuňluklaryny geçip, bellenilen tabşyrygy 127 göterim berjaý etmegi başardylar. Şeýle hem olar hasabat döwründe ulanyş maksatly täze guýularyň üçüsini nebitdir gaz çykaryjy müdirliklere tabşyrdylar. Şunda konserniň «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryjy we «Goturdepe», «Ekerem», «Körpeje» buraw işleri müdirlikleri saldamly goşant goşdular diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň