Lebap welaýatynyň etraplaryndaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň ýörite enjamlar bilen abzallaşdyrylan ussahanalarynda boronalar, çizeldir beýleki agregatlar abatlanyp, zerur bolan bölekleri täzeleri bilen çalşylýar. Netijede, bu işler ekiş döwründe bökdençligiň ýüze çykmazlygyna mümkinçilik berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda kämil we ygtybarly tehnikalaryň sany 1500-e ýetýär. «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly traktorlar oba hojalygynda agramly işleri ýerine ýetirýärler. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan häzirki zaman tehnikalary örän ykjam we ygtybarly işleýär.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda indi birnäçe ýyl bäri Fransiýanyň meşhur «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri ulanylýar. Olar gowaça tohumyny takyk we kadaly çuňluga taşlamak bilen, ýokary hilli gögeriş almaga mümkinçilik berýär. Gowaçalara bejergi işlerini geçirmek üçin bolsa ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly, bir wagtyň özünde hem dökün dökýän, hem topragy ýumşadýan enjamlary ulanylýar diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş kärhanasynyň hünärmenleri olar üçin birnäçe ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak işlerini-de ýola goýdular. Olar bu babatda, ilki bilen, her bir tehnikanyň çalt hatardan çykýan enjamlarynyň ähli häsiýetlerini ylmy esasda öwrenýärler. Kärhanada şu günki günde ätiýaçlyk şaýlarynyň jemi 600-den gowrak görnüşi öndürilýär. Netijede, Lebap welaýatynda ýazky ekişe gatnaşmak üçin taýýarlyk hataryna çykarylýan tehnikalaryň sany günsaýyn artýar.
