Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Antarktidadaky piramidanyň gelip çykyşyny düşündirdiler

09:3005.02.2024
0
18966
Alymlar Antarktidadaky piramidanyň gelip çykyşyny düşündirdiler
Surat:gazeta.ru

ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň geologlary Antraktidanyň daglarynda piramidalaryň bolup bilmejekdigini aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, daglaryň görnüşi olary piramida meňzeş görkezýär diýip, «LiveScience» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Öň hemra arkaly älemden alnan suratlar Antarktidadaky Ellsuort daglyklarynda gelip çykyşy näbelli bolan piradima görnüşli şekilleri ýüze çykarypdy. Emma alymlar onuň 1935-nji ýylda üsti açylan dag belentlikleriň biridigini aýdýarlar.

Dagyň şeýle görnüşiniň emele gelmegine buzluklaryň eremegi sebäp bolupdyr, netijede gar erände suw daglaryň jaýryklaryny doldurýar, doňanda hem buzluklar jaýryklary giňeldýärler. Bu ýagdaý millionlarça ýyl dowam edip, gaýalar kem-kemden piramida görnüşine eýe bolýarlar.

«Bu adaty dag. Ýerde köp daglar piramidalara meňzeş, emma olaryň iki ýa-da üç burçy bolýar. Dörtburç daglar seýrek duşýar, şonuň üçin olar adaty däl bolup görünýär» diýip, alymlar aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň