«Brand Finance» halkara seljeriş kompaniýasynyň ýyllyk hasabatyna görä, «Apple» dünýäde iň gymmat söwda ýarlygy diýlip yglan edildi, ol bu ugurda «Microsoft», «Google» we «Amazon» kompaniýalaryndan ozdurdy. Bu barada «Kp.ru» habar berdi.
Hasabata görä, «Apple» kompaniýasynyň bahasy 2023-nji ýylda 74 göterim artyp, 517 milliard dollara deň boldy. «Microsoft» korporasiýasy sanawda ikinji orny eýeledi, onuň ösüşi 78 göterime, bahasy 340 milliard dollara deň boldy. Üçünji orunda «Google» ýerleşdi, bahasy 333 mlrd dollara deň.
«Brand Finance» — 20 ýurtda wekilhanasy bolan, brendleri bahalandyrmaklyga ýöriteleşen halkara kompaniýadyr.