Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy

13:2202.02.2024
0
48106

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndysynyň tälimçileri 3 — 10-njy fewral aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýurda wekiliçilik etjek türgenleri kesgitlediler.

Zenanlar ýygyndysynyň düzüminden Kristina Şermetowa we Ýulduz Jumabaýewa (ikisi hem 55 kilograma çenli agram derejede), Polina Gurýewa (76 kilograma çenli agram derejede) hem-de Anamjan Rustamowa (81 kilograma çenli agram derejede) orun aldy.

Erkekler ýygyndysynyň düzüminde bolsa Seýitjan Mürzäýew (61 kilograma çenli agram derejede) Bunýad Raşidow we Bektimur Reýimow (ikisi hem 73 kilograma çenli agram derejede), Maksat Meredow (81 kilograma çenli agram derejede), Gaýgysyz Töräýew (89 kilograma çenli agram derejede), Şahzadbek Mätýakubow (96 kilograma çenli agram derejede) hem-de Hojamuhammet Toýçyýew (109 kilogramdan ýokary agram derejede) Türkmenistana wekilçilik eder.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçiriljek agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Pariž Olimpiadasyna gatnaşmak üçin reýting utuklaryny toplamaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň