Aşgabatdaky «Seýran» söwda merkezinde ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükany doglan gününi belleýänler üçin tortlara 50% arzanladyş berýär. Aksiýanyň şertlerine görä, doglan gün ýekşenbe gününe düşmeli.
Arzanladyş almak üçin dabaranyň sebäpkäri pasportynyň asyl nusgasyny ýa-da göçürmesini görkezmeli.
Konditer dükanynda tortlaryň dürli görnüşleri: bally, biskwitli, «snikers», «mars», «baunti», plombir, miweli, şokoladly we hozly tortlar hödürlenýär. Şeýle hem bu ýerde keksleri, traýfllary, kökeleri, ketalary, rogalikleri, dürli hurşly turbajyklary, çak-çak, wafli we başga-da köp dürli önümleri satyn almak mümkindir.
Arzanladyş aksiýasyndan diňe şu salgyda ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükanynda peýdalanyp bolýar: Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62.
«Biziň aksiýamyz özüni we ýakynlaryny amatly bahadan tagamly hem-de owadan tort bilen begendirmek isleýän ähli doglan gününi belleýän adamlar üçin ajaýyp sowgat bolar» diýip, «Zyýat Hilde» bellediler.
Şeýle hem «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ýene iki nokady bar:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.
Şeýle-de okaň: