Mars planetasyna heniz adam aýagy sekmedik bolsa-da, bu ýerde eýýäm edil ýerdäki ýaly zyňyndylar peýda bolupdyr. Gyzyl planetada geçirilen 53 ýyllyk missiýalaryň netijeleri 7,12 tonna zibiliň toplanandygyny görkezdi. Bu barada «The Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Marsdaky zibilleriň hatarynda metal bölekleri, ekranlar, paraşýutlar, boltlar, mata gözenekleri, şeýle-de hatardan çykan enjamlar bar. Mysal üçin, taryhda ilkinji bolup marsa aralaşan (1971-nji ýyl) emeli obýekt hasap edilýän sowet soýuzynyň «Mars-2» enjamy, britanlaryň 2023-nji ýylda aragatnaşyk habarlaşygy ýiten «Bigl-2» enjamy hem-de döwülmek bilen missiýasyny tamamlan NASA Ingenuity dikuçary bar.
Alymlar bu meselede ylmy özgertmeler bilen beýleki planetalarda daşky gurşawy goramagyň arasynda balansy saklamagyň wajypdygyny nygtaýarlar. Bu müşgilligiň çözgüdini bolsa — Marsa gonan wagtynda komponentleri taşlamaýan kosmiki enjamlaryň döredilmeginde ýa-da barlag missiýasyndan soň yzyna Ýere gaýdyp gelmäge ukyply enjamlaryň işlenip taýýarlanylmagynda görýärler.