Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
31-nji ýanwarda bolan saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň RŽD paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Demirýollary» AGPJ-niň we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky üstaşyr mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.
Myhmanlar, esasan-da, Mahaçkala we Astrahan portlaryndan däne önümlerini Owganystana we Eýrana ibermek mümkinçiligiň bardygyny, şunda Türkmenbaşy — Astrahan portlarynyň arasynda yzygider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini, bu ugurda seljerme işlerini geçirýändiklerini bellediler. Geçiriljek seljermeleriň netijeleri boýunça 2024-nji ýylyň mart aýyndan deňiz ýollar arkaly Türkmenbaşy Halkara portuna ýükleri getirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.