Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Netflix» 2024-nji ýylyň filmleri bilen tanyşdyrdy

09:3902.02.2024
0
22625

Giň gerimli «Netflix» striming platformasy tomaşaçylary ýakyn wagtda köpçülige ýetiriljek täze filmlerden bölekler bilen gyzyklanma döredýän wideo-tizeri hödürledi. Bu barada Film.ru habar berýär.

Film janköýerlerine halaýan seriallarynyň: «Kalmar oýunlarynyň» ikinji möwsümi, «Bridjertonlaryň» we «Ambrellanyň «akademiýalarynyň» täze başdangeçirmeleri, şeýle-de «Üç bedeniň tabşyrygy» atly ylmy-fantastik romanyň ekranlaşdyrylmagy garaşýar.

Kinofilmleri söýüjiler bolsa «Bewerli Hillzli polisiýa 4», Kemeron Diazyň «Ýene-de işde» atly komediýa-söweşli filmi, şeýle hem Jennifer Lopeziň we Holli Berriniň rollarda çykyş etmeginde surata düşürilýän gyzgalaňly söweşli filmler ýaly kino täzeliklerinden lezzet alyp bilerler.

Filmleriň görkezilişiniň haçan boljakdygy ýakyn wagtda mälim ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň