Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady

12:0001.02.2024
0
24812
Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady
Surat: mayalanya.ru

Türkiýede gozgalmaýan emlägiň bahasy gymmatlady diýip, «24KZ» habar berýär. Bu ýurtda kwartiranyň ortaça bahasy 100 müň dollardan geçýär. Bu geçen ýyldakydan 85 göterime golaý gymmatdyr. Şeýlelikde, Türkiýede ýaşaýyş öýüniň bir inedördül metriniň bahasy 780 dollara ýetýär. Iň gymmat ýaşaýyş öýleri Stambulda, Ankarada we Izmirde.

Dördünji orunda Hataý ülkesi ýerleşýär, ol ýerde ýaşaýyş öýüniň bahasy iki esseden hem gymmatlady. Bilermenler munuň sebäbini gurluşyk serişdelerine islegiň we nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen baglaýarlar. Olaryň köp bölegini Türkiýe import edýär. Netijede, ýurda getirilýän käbir gurluşyk serişdeleriniň bahasy 100 göterim artypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň