Soňky habarlar

Arhiw

Seulda «The Korea Times» neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

23:4231.01.2024
0
21910
Seulda «The Korea Times» neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Surat: korea.tmembassy.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysy we neşir edijisi O Ýong-jin bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi, şol sanda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ilçi öz söhbetdeşini Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy, ýurdumyzyň maglumat ulgamynda amala aşyrýan syýasatyna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän möhüm wakalar bilen baglylykda täzelikleri we habarlary alyşmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlylyk bildirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi B.Durdyýewiň bellemegine görä, şu ýyl biziň ýurtda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýär, onuň çäklerinde bolsa, Türkmenistanda we tutuş dünýäde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler guralýar. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-yň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň hem-de filosofynyň dünýä edibiýatynyň hazynasynda möhüm orun eýeleýän edebi mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy neşirleriniň biri bolup durýan «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysyna gadymy türkmen şäheri Änewiň şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip edilendigi barada hem habar berildi.

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda «The Korea Herald» habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Çoý Jin Ýong bilen duşuşyk geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň