Top.Mail.Ru

Arhiw

Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy

08:4331.01.2024
0
20724

Futbol boýunça Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek finalynyň ähli jübütleri belli boldy.

Çärýek final tapgyrynda ýarym finalyň ýollanmasy üçin Kongo Demokratik Respublikasynyň, Gwineýanyň, Nigeriýanyň, Angolanyň, Kabo-Werdeniň, Kot-d’Iwuaryň, Maliniň hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) ýygyndylary göreşerler.

Çärýek final jübütleri aşakdaky görnüşde meýdança çykarlar:

  • Nigeriýa – Angola
  • Kabo-Werde – GAR
  • Mali – Kot-d’Iwuar
  • Kongo DR – Gwineýa

Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final oýunlary 2-3-nji fewral günleri geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Kot-d’Iwuarda geçirilýän bu turnir 13-nji ýanwarda başlandy. Ol 11-nji fewrala çenli dowam eder. Ýaryşyň häzirki çempiony Senegalyň milli ýygyndysy hasaplanýar. Afrikanyň Milletler kubogynda iň köp ýeňiş gazanan topar bolsa Müsüriň (7 gezek) ýygyndysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň