Köpetdag döwlet goraghanasynda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy. Olaryň biri Köpetdagda (2 gektar), beýlekisi bolsa Garagum çölüne ýanaşyk «Gäwers» (1 gektar) oazis zonasynda ýerleşýär.
Agaç nahalhanalaryny döretmek FAO/GEF-iň «Merkezi Aziýada we Türkiýede guraklaşýan hem şorlaşýan oba hojalygy meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak (CACILM-2/ISSAUZR-2)» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Taslamanyň çäginde agaç nahalhanalary üçin ähli zerur enjamlar satyn alyndy.
Köpetdagdaky nahalhananyň esasy wezipesi hoz, pisse, badam, ülje we beýleki miweli agaçlaryň meýdanyny köpeltmek ýaly agroforestiki meýdanlary giňeltmekden ybarat.
Şeýle-de bu nahalhana Merkezi Köpetdagyň eňňitlerinde we Gökdepe şäherinden 50 km uzaklykda ýerleşýän Bakça bölüminiň çäginde tokaý zolaklaryny dikeltmek üçin arça, dagdan, tuýa we beýleki agaç nahallaryny hem ýetişdirer.
Oazis zonasyndaky beýleki nahalhana suwarymly meýdanlaryň töwereginde tokaý guşaklaryny döretmek, Merkezi Garagumdaky çöl tokaýlarynyň meýdanlarynda abadanlaşdyryş ýerlerini giňeltmek üçin miweli we pürli agaçlarynyň, şeýle-de çöl gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanar.
Ýeri gelende bellesek, FAO/GEF- «CACILM-2/ISSAUZR-2» taslamasynyň baş maksady Merkezi Aziýada we Türkiýede oba hojalygynyň guraklaşýan we şorlaşýan önümçilik ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagyň gerimini giňeltmekdir. Şeýle hem onuň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly Konwensiýasynyň amala aşyrylmagyna möhüm goşant bolýar.