Soňky habarlar

Arhiw

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi

08:5827.01.2024
0
23070

Fransiýanyň LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Ilon Maskdan öňe geçdi. Bu barada «Forbes» žurnalyna salgylanýan TASS habar berdi.

Habara görä, Arnonyň emlägi 21,6 mlrd dollar köpelip, häzir 205,8 mlrd dollar bahalanýar.

Öň sanawda birinji orunda bolan «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskyň emlägi 204,2 mlrd dollary düzýär. Ol sanawda ikinji orna geçdi.

Sanawda üçünji orunda «Amazon» kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos (179,9 mlrd dollar) ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň