27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:5927.01.2024
0
35380

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär, Oleg Kononenko üçin HKS-e ýörite sowgat iberiler we beýleki habarlar

Türkmenistanda


1. Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy. Hususan-da, Aşgabatdaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň durkuny täzelemegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, umumy meýdany 50 gektara barabar bolan seýilgähiň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

2. Wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda milli önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda pudagara iş toparynyň döredilendigi hem-de bu topar tarapyndan «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hem maglumat berildi.

3. Şu gün Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini gutlady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu baýramyň giňden bellenilmegi ata Watanynyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhediniň mizemezligini goraýan, ýurduň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändigine hem-de olar hakynda yzygiderli alada edilýändigine şaýatlyk edýär.

4. 4-nji fewralda «Roskosmos» kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko adamyň kosmosda bolmagynyň dowamlylygy boýunça täze absolýut rekord goýar. Şunuň bilen baglylykda, «Krasnyý oktýabr» fabrigi oňa ýörite sowgat – diňe tebigy önümlerden şokolad süýjülerini taýýarlady. Süýji sowgat Halkara kosmos stansiýasyna «Progress MS-26» ulag-ýük gämisi bilen iberiler.

5. Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Belarus Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Dmitriý Krutoýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurtdaky söwda öýleriniň işi, «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Merkezi Aziýada logistika ugurlaryny artdyrmak barada pikir alşyldy.

Dünýäde

6. Ýakyn wagta çenli moda zenanlaryň öňünde berk düzgünleri goýýardy: olar elmydama kemçiliksiz, owadan we ýaş görünmeli. Ýadawlygyň, ukusyz gijeleriň ýa-da garrylygyň alamatlary kabul ederliksiz hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, zenanlaryň täze nesli bu ülňüleri berjaý etmekden ýüz öwürýärler. Olar häzirki zaman durmuş depgininiň ajaýyp görünmäge mümkinçilik bermeýändigini we gözüň aşagyndaky tegelekleriň adaty zatdygyny öňe sürýärler. Ýokary moda dünýäsinde ýadawlyk trendi döredi. Meşhur wizažistleriň biri ukudan biraz mahrum bolan ýaly, gözüň astynda ýeňil tegelekleri döretmegiň ýönekeý usulyny görkezdi. Munuň üçin hünärmen gözüň içki burçunda gara konsiler ulandy. Bu trendi meşhur zenanlar derrew ulandylar. Kaýli Jenner, Jennifer Lopes, Kim Kardaşýan dünýä gözleriniň aşagyndaky gara tegeleklerini görkezdiler.

Sport habarlary

7. «Ahal» futbol toparynyň kapitany we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy oýunçysy Elman Tagaýew toparyň metbugat gullugyna interwýu berdi. Futbolçy interwýuda geçen möwsümiň esasy pursatlary barada gürrüň berdi we geljek üçin maksatlaryny paýlaşdy. Futbolçy goldaw we özüni ýylyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edendikleri üçin janköýerlere minnetdarlyk bildirdi. Onuň bellemegine görä, möwsümiň ýatdan çykmajak wakalary AFK Çempionlar ligasynyň oýunlary we Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparynyň derwezesine pökgi geçirmegi boldy. Tagaýewiň geljek möwsümdäki esasy maksady – toparyň her oýunda ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrmak. Futbolçy ýaňy-ýakynda şikesden gutuldy we häzir çempionata taýýarlanýar.

8. Futboluň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýasy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iň abraýly dünýä çempionatlarynyň sanawyny çap etdi. Sanawa 100 sany iň gowy ýaryş, şol sanda Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty girdi. Italiýanyň Seria A-sy 12-nji gezek sanawda birinji orunda ýerleşdi. Angliýanyň Premýer-ligasy yzly-yzyna ýedinji gezek ikinji orny eýeledi. Ispaniýanyň La Ligasy yzly-yzyna iki ýyl bäri üçünji orny eýeläp gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň