Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde hem-de howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.
Zawodlar toplumynda şeýle-de «SAE 50 API CF-4» kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtomobillerde we beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada şu gün – 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Amanowyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny öwrenmegiň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň talaplaryna laýyk getirmegiň, isleg has ýokary bolan önümleri öndürmegiň ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleridigini belledi.
— Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär we olar ýurdumyzyň içerki bazarlarynda hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Täze önümler hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini has-da artdyrar — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.