Top.Mail.Ru

«Gülli Aýyň ganhorlarynyň» ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl

14:0325.01.2024
0
27881
«Gülli Aýyň ganhorlarynyň» ssenarisini kimiň ýazandygy belli däl
Surat: filmpro.ru

Häzirki zamanyň nusgawy režissýory Martin Skorsezäniň «Gülli Aýyň ganhorlary» filminiň ssenarisiniň golaýda yglan edilen Oskar kinobaýragyna dalaşgärleriň sanawyna düşmändigi köpleri geň galdyrdy. Göräýmäge, oňat ssenariý, awtory hem tanymal ssenariçi Erik Rot. Emma onuň adaptirlenen ssenarisiniň Rot däl-de, ussat režissýor Pol Tomas Anderson tarapyndan ýazylandygy barada myş-myşlar barha gyzyşýar.

Hut şu myş-myşyň hem filmiň ssenarisini Oskar baýragyna dalaşgärlikden mahrum eden bolmagy mümkin diýip, «Filmpro.ru» ýazýar.

Bu barada ilki bolup, «The Guardian» neşiriniň habarçysy Çarlz Bramesko ýazdy. Ol filmiň Erik Rot tarapyndan ýazylan ilkibaşky ssenarisi Skorseze bilen Leonardo Di Kaprionyň göwnünden turmandan soňra, onuň üstünde režissýor Pol Tomas Andersonyň işländigini ýazýar.

Barybir «Gülli Aýyň ganhorlary» filmi Oskar baýragyna esasy ugurlaryň 9-sy boýunça dalaşgärlige hödürlendi diýip, neşir belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň