Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar

10:2625.01.2024
0
18221

Beýik Britaniýanyň Uoriksk uniwersitetiniň alymlary ýaşaýyş üçin aňrybaş ýaramly bolan ekzoplanetalaryň 85 sanysyny ýüze çykardylar. Ylmy-barlaglar NASA kosmos edarasynyň TESS hemrasynyň maglumatlaryna esaslanyp geçirildi.

Planetalaryň göwrümi 17 müňden 560 müň kilometr diametrdedir. Deňeşdirmek üçin, Ýeriň diametri 12 müň kilometrden biraz uludyr.

Ýer ýaly, bu planetalaryň köpüsi öz ýyldyzlarynyň ýaşaýan zolagynda – ýaşaýyş üçin ýaramly howa temperaturalarynda ýerleşýär, olarda çakdanaşa yssy hem, sowuk hem däl diýip, alymlar belleýärler.

Alymlar öz çaklamalaryny barlamak üçin ýene birnäçe barlaglary geçirmegiň gerekdigini aýdýarlar. Netijede, planetalarda ýaşamak mümkinçiligi anyk kesgitlener.

Alymlar täze açylan 85 planetanyň 60-synyň ylym üçin düýbünden täzedigini belleýärler diýip, «The Independent» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň