Top.Mail.Ru

«Türkmenfilm» «Ependi» atly çeper filmi surata düşürýär

14:3123.01.2024
0
29907

«Ependi» çeper filmi şu ýylyň maý aýynda ýaýlyma çykar. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan bu babatda degişli işler alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Gündogar degişmeleriniň we gülkünç hekaýatlaryň baş gahrymany baradaky film komediýa däl-de, terjimehal görnüşinde düşürildi. Filmiň gahrymanlary XIII asyryň gadymy köçelerinde we bazarlarynda şekillendirilýär, bu ýerde eşeklije şäherlerdir obalary aýlanyp ýören şadyýan we paýhasly syýahatçy hakda ilkinji tymsallar ýaýrapdyr. Dilden-dile geçýän şeýle ýönekeý hekaýatlardanam Ependi barada täze rowaýatlar döräp, dünýä ýaýrapdyr. Şol döwre kybaplygy we myhmansöýer Gündogaryň hoşamaý ruhuny görkezmek üçin surata düşüriji topar Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryny saýlady. Şeýle hem film Bäherdende hem düşürildi.

Filmiň režissýory Myrat Orazow ýurdumyzda meşhur teatr we kino aktýorlaryny surata düşmäge çagyrypdyr. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri – Çary Seýitliýew, Öwez Gelenow we beýlekiler bar. Baş keşbi – Molla Ependiniň keşbini asyl käri aktýor bolmadyk Kemal Orazow ýerine ýetirdi.

2022-nji ýylda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Özbegistandan «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň bermek däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan ýurtlarda türki dünýäniň özboluşly gahrymany barada filmleriň surata düşürilmegi üçin taslamalar bellenildi.

Häzirki wagtda Türkiýede «Hoja Nasreddin» filmini surata düşürmäge taýýarlyk işleri başlandy. Şu ýylyň ýazynda türk kino düşüriş topary gözleg işlerini geçirmek üçin Türkmenistana geler.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri hem täze «Ependi» filminiň 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda meýilleşdirilýän «Gorkut ata» kinofestiwalynyň çäklerinde görkeziljekdigini habar berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň