Soňky habarlar

Arhiw

«Inter» Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy

12:2323.01.2024
0
28718

Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda ýurduň Kubogynyň eýesi “Inter” çempion “Napolini” 1-0 hasabynda ýeňdi. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky KSU stadionynda geçirilen finala 24 müň 900 janköýer tomaşa etdi.

“Interiň” hüjümde, Napoliniň goragda geçiren duşuşygynda 1-nji ýarymda hasap açylmady. 2-nji ýarymda Jowanni Simeoneniň yzly-yzyna sary kart almagy bilen soňky ýarym sagady 1 oýunçy kem oýnan “Napoli” tutuşlygyna goraga geçdi. “Intere” bolsa bu goragy oýnuň 90-njy minudyndan soň böwüsmek başartdy. 90+1-nji minutda Lautara Martinesiň geçiren goly esasynda “Inter” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, bassyr 3-nji, umumylykda-da 8-nji gezek Italiýanyň Super Kubogyny gazandy. “Milandan” öňe geçen "Inter" bu ugurda 9 kubogyň eýesi “Ýuwentusdan” soň 2-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň