Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

14:3023.01.2024
0
40364
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Ähtnamalara gol çekildi
Surat: mfa.gov.tm

Ozal Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Tokio saparynyň çäginde Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Tekeşi Saito bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Duşuşykda taraplar ykdysady we energiýa pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Bu barada «nCa» habar berdi.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar Energetik geçiş barada hökümetara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.», «Itochu Corporation» we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň arasynda tebigy gazdan benzin we dökün öndürmek üçin zawodlar gurmak taslamalary baradaky özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň bellemegine görä, bu taslamalaryň anyk durmuşa geçirilmegi geljekde hem energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrar diýlip garaşylýar.

Energetiki geçiş barada hökümetara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we güýçlendirmek maksady bilen gol çekildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň