Türkmenistanyň «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti öndürýän telewizorlarynyň önümçiliginiň ýyllyk sanyny 100 müňe ýetirdi. Bu barada kärhananyň taslama bölüminiň ýolbaşçysy Wladislaw Admakin SNG.Today internet neşirine gürrüň berdi.
Türkmenistanda öňdebaryjy elektronika öndürijisi 2020-nji ýyldan bäri 32, 42, 55 we 65 dýuým diagonally telewizorlary öndürýär.
Kärhananyň ýokary hili we elýeterli bahalary bilen ýurtda giň meşhurlyga eýe bolan telewizorlary «Tolkun», «Zemin» hem-de «Älem» haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirilýär.
Şeýle hem, Admakin «Aýdyň Gijeleriň» häzirki wagtda 20 görnüşli elektron enjamlar öndürilýän 7 sany önümçilik meýdançasynyň bardygyny aýtdy. Kärhana öndürýän enjamlarynyň görnüşlerini geljekde has-da artdyrmagy maksat edinýär.