Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy

17:5022.01.2024
0
37146
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Surat: kp.ru

ABŞ-da geçen hepdede güýçli aýazlar we gar sebäpli 80 adam heläk boldy diýip, ýerli «CBS News» teleýaýlymyna salgylanýan «Kp.ru» ýazýar.

Ýurduň Tennesi ştatynda 19 we Oregonda 16 adam ýaramaz howanyň pidasy boldy, ýene üç adam awtoulagynyň üstüne agaç ýykylyp, heläk boldy. Aýazlar sebäpli Nýu-Jerside, Illinoýsda, Nýu-Ýorkda, Wiskonsinde, Pensilwaniýada, Missisipide, Kentukkide we Waşingtonda adam pidalaryň hasaba alnandygy habar berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Kanadadan aralaşan harasat zerarly ABŞ-nyň bütin çäginde howanyň temperaturasy rekord derejede pese gaçdy. Mysal üçin, Çikagoda hepdäniň başynda howa -34 gradus sowady, mekdepler ýapyldy. Günorta Tehasda gar we buzly ýagyn ýagdy.

Sowuk howa ýurtda şu hepdede hem saklanar diýlip, garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň