Turkmenportal logo
22.01.24
2644926449
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berliniň üstünde asman jisimi partlady

Germaniýanyň paýtagty Berlin şäheriniň asmanynda geçen ýekşenbe gijesi uly bolmadyk asteroid ýaryldy. Asmanda otly şar uzyn ýagty yz goýdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.


Asman jisimi şeýle hem Leýpsigde we Pragada görüldi. Onuň göwrümi bir metrden sähel geçýär.


Şol gije gözleg toparlary onuň bölekleriniň gaçan ýerine ugradylar, meteroidiň galyndylary birnäçe müň ýewro bahalanyp bilýär.