Top.Mail.Ru

Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni bellenildi

12:3322.01.2024
0
25706
Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni bellenildi
Surat: greeninfo.ru

Amsterdamda Çigildemleriň milli güni bellenildi, onuň hormatyna şäheriň muzeý meýdançasynda 200 müň sany gülden sergi guraldy diýip, «24KZ» habar berýär. Sergide myhmanlar mugt güllerden owadan çemen baglap, öz ýanlary bilen äkidip bilýärler.

Baýramçylyk apreliň ahyryna çenli dowam etjek çigildemler möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýar. Çigildemler güni 12 ýyl bäri bellenip gelinýär.

Sergi-ýarmarka ýerli gül öndüriji kompaniýalaryň 500-e golaýy gatnaşýar.

Niderlandlar dünýäde çigildemleri iri eksport edijidir. Ýurt her ýyl daşary ýurtlara üç milliona golaý çigildem ýerleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň