Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy

17:4519.01.2024
0
29766

Türkmenistanda aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Aspiranturany, adýunkturany hem-de doktoranturany açmagyň we olaryň işiniň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň doktoranturasyna 01.04.01 — Eksperimental fizikanyň enjamlary we usullary, 03.01.02 — Biofizika hünärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aspiranturasyna 05.23.17 — Gurluşyk mehanikasy hünäri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranturasyna 14.03.01 — Adam anatomiýasy hünäri we doktoranturasyna 14.01.23 — Urologiýa we andrologiýa hünäri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň aspiranturasyna 03.02.01 — Botanika hünäri, şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň aspiranturasyna 05.08.05 — Gämileriň energetiki desgalary we olaryň bölekleri (esasy we kömekçi) hünäri girizildi.

Aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň dissertasiýalaryndan gelip çykýan ylmy netijeler Türkmenistanda hem-de daşary ýurt ylmy žurnallarynda yzygiderli neşir edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa taýýarlanan söhbetdeşlikde bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň