Turkmenportal logo
19.01.24
2057620576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldy
Mýunheniň gümrükhanasy Şwarseneggere 35 müň ýewro jerime saldySurat: boredpanda.com

Aktýor Arnold Şwarseneggeri Mýunheniň howa menzilinde gümrük barlagyndan geçenden soňra birnäçe sagat saklap, goýberdiler diýip, «Bild» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Ondan ýanyndaky gymmatbaha «Audemars Piguet» goşar sagady üçin 26 müň, salgyt üçin 4 müň we jerime üçin 5 müň, jemi 35 müň ýewro talap etdiler.


Öň Şwarseneggeriň Bawariýanyň paýtagtyndan Awstriýanyň Kisbýuel şäherine Howa sammitine ugrandygy habar berlipdi. Aktýoryň Mýunheniň howa duralgasynda saklanmagynyň sebäbi onuň ýanyndaky «Audemars Piguet» kysymly gymmatbaha şweýsar goşar sagadydyr. Şwarsenegger ony haýyr-sahawat maksady bilen, söwda auksionynda satmak üçin alyp barýandygyny aýtsa-da, jerime tölemeli edildi.