«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary ýene-de iki oýunçyny düzümine goşdy. Topar bu barada jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.
Çeşmäniň ýazyşy ýaly, «Ahal» Ýagşysähet Döwletgeldiýew we Şyhdurdy Amandurdyýew bilen şertnama baglaşdy. Marynyň «Merw» toparyndan gelip goşulan Ýagşysähet Döwletgeldiýew geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatynda bir gezek tapawutlandy.
21 ýaşly Şyhdurdy Amandurdyýew bolsa mundan ozal Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynda çykyş etdi. «Ahalyň» gyşky transfer penjiresinde, esasan, ýaş oýunçylary düzümine goşmaga üns berýändigini ýatladýarys. Bu ýagdaý baş tälimçi Serdar Geldiýewiň, täze, ýaş we has hyjuwly topar düzmek isleginden gözbaş alýar.
Toparyň mundan ozal Ilýas Çaryýew, Akmämmet Metdäýew, Igor Sekow we Azizbek Bekçanow dagylary düzümine goşandygyny ýatladýarys.
Çeşme: Janköýer