Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar ätiýaçlandyryş» kompaniýasy hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär

17:3118.01.2024
0
35049

«Hazar ätiýaçlandyryş» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri fiziki we ýuridiki taraplar üçin ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürläp gelýän hususy kompaniýadyr. Häzirki wagtda kompaniýa meýletin ätiýaçlandyryşyň 20-den gowrak görnüşini (emläk, jogapkärçilik we şahsy töwekgelçilikler) üpjün edýär, şeýle hem gaýtadan ätiýaçlandyryşy üpjün etmek üçin ygtyýarnama eýedir.

«Hazar ätiýaçlandyryş» AGPJ tarapyndan hödürlenýän iň belli ätiýaçlandyryş görnüşleriniň hatarynda şulary bellemek bolar:

  • garaşylmadyk hadysanyň ätiýaçlandyryşy;
  • kärhana emlägini ätiýaçlandyryş;
  • daşary ýurda gidýän raýatlar üçin saglyk ätiýaçlandyryşy;
  • ulag serişdesini ätiýaçlandyryş;
  • ýük ätiýaçlandyryşy;
  • 3-nji taraplar üçin raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş.

«Müşderilerimiziň özlerini goragly duýmagyny we ätiýaçlandyrylan hadysa ýüze çykan halatynda kömege bil baglamaklaryny üpjün edýäris» — diýip, «Hazar ätiýaçlandyryş» kompaniýasynyň ätiýaçlandyryş bölüminiň baş hünärmeni Aşyrmyrat Möwlamberdiýew belleýär.

Onuň nygtaýşy ýaly, «Hazar ätiýaçlandyryş» kompaniýasy ätiýaçlandyryş bazarynda 7 ýyldan gowrak tejribe toplamak bilen, her bir müşderä ýokary hilli hyzmatlary ýetirýän hem-de professional derejede çemeleşýän ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy.

Mundan başga-da, ätiýaçlandyryş polisi resmileşdirilende kompaniýanyň hünärmenleri iň amatly ätiýaçlandyryş önümini we ätiýaçlandyryş şertlerini saýlap almak üçin hemişe müşderiniň isleglerini göz öňünde tutýarlar.

Ätiýaçlandyryşyň esasy artykmaçlyklarynyň biri maliýe taýdan goragydyr. Ätiýaçlandyryş polisi ätiýaçlandyrylan hadysasynyň netijesinde ýüze çykyp biljek çykdajylaryň öwezini dolmaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 157-nji jaýyndaky esasy ofisinden başga-da, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde wekilleri bar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat ş. (+993 12) 41 41 95;
  • Daşoguz welaýaty (+993 63) 99 00 53;
  • Balkan welaýaty (+993 64) 34 01 90;
  • Mary welaýaty (+993 62) 23 23 70;
  • Lebap welaýaty (+993 63) 95 94 66;
  • Ahal welaýaty (+993 65) 45 34 01.

Elektron poçta salgysy: contact@hazar.com.tm, info@hazar-insurance.com

Web saýty: hazar.com.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň