Turkmenportal logo
18.01.24
1915719157
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystan bilen Türkmenistan «Nurul-Jihad» kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça bilelikde tehniki ýygnak geçirýär

Owganystandaky iň uly elektrik kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) we Türkmenistan Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik energiýasy taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hyrat welaýatyndaky «Nurul-Jihad» kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň gidişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirýär. Bu barada DABS-yň metbugat beýanatynda aýdylýar.


Taraplar resminamalary taýýarlamak we taslamanyň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek ýaly taslamanyň möhüm taraplaryna degip geçdiler. DABS-yň ýolbaşçylary tehniki wekiliýetleriň dowam edýän ýygnaklarynda teklipleri gutarnykly ýagdaýa getirmegiň we desgany enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki ylalaşygy gazanmagyň möhümdigini aýtdy.


Türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlygy üçin DABS-a hoşallyk bildirip, elektrik we tehniki taslamalary satyn almak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde bilelikdäki çekişmeleriň möhümdigini belledi.


Türkmenistanyň we DABS-yň tehniki wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşyk ikitaraplaýyn teswirnama gol çekilmegi bilen tamamlanar diýip, çeşme belleýär.


Hyratdaky «Nurul-Jihad» kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importynyň köpelmegi bilen bir hatarda Owganystanyň Demirgazyk—Günbatar zolagynda elektrik ýetmezçiligini ep-esli azaldar diýlip garaşylýar. Elektrik ýetmezçiligi meselesiniň çözülmegi içerki önümçiligiň ösmegine, ykdysady ösüşe, oba hojalygynyň ilerlemegine we sebitdäki iş depginine oňyn täsir eder.