Turkmenportal logo
17.01.24
3763937639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna general-maýor harby ady dakyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, polkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe general-maýor harby ady dakyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.