Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PETRONAS» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

09:4718.01.2024
0
43874

Malaziýanyň nebitgaz kompaniýasy bolan PETRONAS Aşgabat şäherinde we Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmenleri işe çagyrýar. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Aşgabat şäherinde üçin guýulary özleşdirmek boýunça inženere bildirilýän talapalar: Nebit we gazy çykarmak tehnologiýasy boýunça ýokary bilimi bolmaly; Nebit-gaz pudagynda 7 ýyl tejribesi bolmaly; Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; Nasos-kompressor turbalaryndaky dartgynlylygyň seljermesi boýunça «Lendmark» programma üpjünçilik toplumy ýa-da deň derejeli inženerçilik programma üpjünçiligine degişli bilimleri bolmaly. «MS Offiсe» (MS Word, MS Exсel) programmalaryny, enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça gurallary we programma üpjünçiligini bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin terjimeçä bildirilýän talaplar: Lingwistika boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly; Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; «MS Offiсe» programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçisine bildirilýän talaplar: Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly; Desgada howpsuzlyk tehnikasy boýunça ýa-da degişli pudakda 1 ýyldan 3 ýyla çenli gözegçi wezipesinde iş tejribesi bolmaly;

Dil ukyplary: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; «MS Offiсe» programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň