Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tennisçi Omanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy

17:0313.01.2024
0
28075

Şu günler Omanyň Maskat şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçi gyzlaryň arasynda geçirilýän halkara ýaryşdan ilkinji hoş habar gelip gowuşdy. 8-nji ýanwarda başlanan we 16-njy ýanwara çenli dowam etjek halkara ýaryşda türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy.

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri halkara giňişliginde ukybyny ykrar etdirip gelýän Ilima Omandaky ýaryşa çärýekfinaldan girişdi. Miraly Gasanowyň zehinli şägirdi bu tapgyrda ýer eýeleriniň wekili Talýeý Al-Busaidini 6:0, 6:0 hasaplary bilen ýeňdi.

Paýtagtymyzdaky 42-nji orta mekdepde bilim alýan ezber tennisçi ýarymfinalda eýranly Asal Farahboniai bilen duşuşdy. Bu duşuşyk hem türkmen tennisiniň ýaşajyk ýyldyzynyň 6:1, 6:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ilima Guseýnowanyň final duşuşygyndaky garşydaşy hem eýranly türgen boldy. Has takygy, ol bu gezek Hanoý Şabanpur bilen duşuşdy. Edil biziň ildeşimiz ýaly, deslapky tapgyrlardan ýeňiş bilen gelmegi başaran eýranly tennisçi Ilimadan iki döwde 8 utuk almagy başaran hem bolsa, özi hem 12 utuk eçilmeli boldy. Şeýlelikde, final duşuşygy türkmenistanly tennisçiniň 6:4, 6:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Paýtagtly ezber tennisçiniň mynasyp bolan baýragy oňa ýaryşyň jemleýji gününde gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň