Arhiw

«Ahal» «Köpetdag» bilen «Nebitçiden» ýene iki futbolçyny düzümine goşdy

16:4813.01.2024
0
28503

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary «Telegram» jemgyýetçilik torundaky resmi hasabynda ýene iki futbolçyny düzümine goşandygyny habar berdi.

Hasapda ýazylyşy ýaly, topar «Köpetdagdan» Ilýas Çaryýew we «Nebitçiden» Akmämmet Metdäýew bilen şertnama baglaşdy. Akmämmet Metdäýewiň çempionaty bürünç medal bilen tamamlan «Nebitçiniň» düzüminde geçen ýyl iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orny eýeländigini ýatladýarys. Ol çempionatda jemi 6 gezek tapawutlandy. Mundan ozal «Ahalyň» Igor Sekow bilen Azizbek Bekçanowy hem düzüme goşandygyny habar beripdik.

Janköýer web saýtynyň ýazmagyna görä, Ýokary liganyň toparlary käbir futbolçylary gözden geçirýärler. Türkmen futbolçylarynyň käbiri bolsa şu günler daşary ýurt toparlarynda synagdan geçýärler. Bu maglumatlary aşakda ýerleşdirýäris:

«Arkadag» FK: Şamämmet Hydyrow (Köpetdag FK) Enwer Annaýew (Altyn Asyr FK)

«Altyn Asyr» FK: Şöhrat Söýünow (Ahal FK)

«Nebitçi» FK: Dayanç Nuryýew, Aşyr Jumadurdyýew (ikisem Energetik FK) «Bäşim Gurbanberdiýew» (Aşgabat FK)

«Ahal» FK: Ýagşysähet Döwletgeldiýew (Merw FK)

«Aşgabat» FK: Oraz Orazow, Azat Annaýew Atageldi Geldiýew, Azat Hojamuhammedow (ikisem Ahal FK)

«Merw» FK: Söhbet Allanurow (Aşgabat FK) Serdar Annamämmedow (Energetik FK)

«Rawşan» FK (Täjigistan): Musa Nurnazarow (Merw FK)

«Abdyş-Ata» FK (Gyrgyzystan): Süleýman Muhadow (Dordoý FK).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň