Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar

17:4612.01.2024
0
48638

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web sahypasynda Aşgabat — Milan — Aşgabat ugurlary boýunça onlaýn petek satuwyna başlady.

Häzirki wagtda Aşgabat — Milan ugry boýunça petegiň bahasy 5950 manat, Milan — Aşgabat ugry boýunça bolsa 6000,4 manat. Petekler 6-njy martdan başlap çarşenbe güni amala aşyryljak uçuşlar üçin elýeterlidir.

Milli howa gatnawynyň web sahypasynda Aşgabatdan Kuala-Lumpura, Hoşimine, Jidda we Bangkoga uçuşlar üçin hem onlaýn petek satyn alyp bolýar.

Şu ýylda türkmen awiakompaniýasy 12 ýurtda 14 halkara ugurda uçuşlary amala aşyrar.


Şevle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň