Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär

17:0512.01.2024
0
21405

Kabul şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa «TAPI Pipeline Company Ltd» Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow hem-de Owganystanyň dag-magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar gatnaşdy.

Ministrlik tarapyndan ýaýradylan metbugat beýanatyna görä, duşuşykda şu aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:

  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýeti;
  • Gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin ýer bölüp bermek;
  • Türkmenistandan Kabula tehniki topar ibermek;
  • TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek.

Delawar TOPH taslamasynyň diňe bir Owganystan üçin däl, eýsem, ähli gatnaşyjy ýurtlar üçin hem bähbitli boljakdygyna üsni çekip, owgan halkynyň bu iri ykdysady taslamany goldaýandygyny hem-de owgan tarapynyň bu ugurda islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar taslama boýunça işleri çaltlaşdyrmak üçin tehniki toparyň ýygnaklaryny dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hyrat şäherine iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar we söwda we senagat ministri Nuretdin Azizi bilen duşuşypdy. Duşuşyklaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri TOPH taslamasynyň gurluşygy bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň