Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder

13:2512.01.2024
0
19849

ABŞ-nyň Senaty Prezidentiň Diwanyna degişli dürli wezipelere hödürlenen dalaşgärleri gözden geçirer. 11-nji ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda agzalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Elizabet Rud hem bar.

2022-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň döwlet Baştutany Jozef Baýden Prezidentiň Diwanyna ýolbaşçylyk etmek üçin birnäçe adamy dürli wezipelere bellemek pikirini mälim edende, Elizabet Rudi hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär hökmünde görkezilipdi.

Ýeri gelende aýtsak, ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky ilçileri Ak tamyň administrasiýasy tarapyndan bellenilýär we dalaşgärler ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanylýar.

Elizabet Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekilidir. Ondan öň bolsa ol ABŞ-nyň Harby kollejinde fakultetiň geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işledi.

Mundan başga-da, ol ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi, ABŞ-nyň Pakistanyň Peşawar şäherindäki Baş konsullygynyň baş hünärmeni, Döwlet departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogar welaýatlaryndaky dikeldiş toparynyň wekili bolup hem işledi.

Elizabet Rud Merilden uniwersitetiniň uçurymy bolup, ol fransuz, gruzin, nemes, puşty we dari dillerinde gürleşip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň