Turkmenportal logo
10.01.24
2622526225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildiSurat: mfa.gov.tm

8 — 11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly maslahaty we sergisi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.



Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak diýlip, habarda bellenilýär.


Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.


Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.