Turkmenportal logo
10.01.24
2634226342
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi
Surat: mfa.gov.tm

8 — 11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly maslahaty we sergisi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.



Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak diýlip, habarda bellenilýär.


Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.


Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.