Soňky habarlar

Arhiw

«Duralga» programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär

12:1510.01.2024
1
38786

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň sargydy esasynda işlenip düzülen «Duralga» programmasy Türkmenistanyň paýtagtynda awtobuslaryň hereketine onlaýn gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Programma her bir awtobusyň ýerleşýän ýerini takyk kesgitlemek üçin GPS ulgamyny ulanýar. Bu maglumatlar şol wagtyň özünde şäheriň elektron kartasynda gaýtadan işlenýär hem-de görkezilýär.

Şeýlelikde, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary özleri üçin gerek bolan awtobusyň nirededigini islendik wagtda bilip bilerler we onuň belli bir duralga geljek wagtyny hasaplap bilerler. Bu bolsa öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykanyňyzda iň ýakyn duralga gitmek üçin amatly bolan wagty takyk hasaplamaga mümkinçilik berýär. Netijede siz köçede awtobusa garaşmak üçin gtijek wagtyňyzy tygşytlap bilersiňiz.

Mundan başga-da, «Duralga» programmasynyň kömegi bilen şäheriň dürli sebitleriniň arasynda hereket edeniňizde iň az awtobus çalyşmaly boljak ugry saýlap bolýar.

Häzire çenli «Google Play» platformasynda «Duralga» programmasy eýýäm 100 müňden gowrak gezek ýüklenilip alyndy. Oňa bildirilen 1,1 müňden gowrak synyň esasynda programmanyň hyzmat reýtingi häzirki wagtda 5-den 4.3-e deňdir.

«Duralga» programmasynyň «Android» ulgamynda işleýän telefonlar üçin niýetlenen görnüşini şu ýere basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Salim ( 10.01.2024 )

Зачем рекламировать то, что не работает? У меня это приложение уже 3 месяца пылится в телефоне, моментами проверяю не заработает ли оно, но безуспешно.

3