«Eleven» — bu çagalaryň bilen wagt geçirmek, romantik agşamlygy guramak ýa-da dostlaryň bilen duşuşmak üçin örän göwnejaý ýer. Restoran üç gatdan ybarat bolup, onuň her zaly özboluşly original bezege we dizaýna eýedir.
Binanyň birinji gatynda oňaýly kofehana bar. Bu ýerde bir käse hoşboý ysly kofe ýa-da çaý içip hem-de süýjüliklerden lezzet alyp, dostlaryňyz bilen söhbet edip bilersiňiz. Körpeje myhmanlar üçin bolsa «Eleven-de» ene-atalary dynç alýan mahaly hezil edip göwün açmaga niýetlenen oýunlar otagy göz öňüne tutulandyr.
Ikinji gatda Gündogaryň atmosferasy höküm sürýär. Bu ýerde «Eleven-iň» tagamnamasynda Gündogar aşhanasynyň däbe öwrülen usullarda taýýarlanylan datly naharlary bar.
Restoranyň üçünji gatynda bolsa eýwanly agşamlyk dynç alyş zolagy ýerleşýär. Bu zolakda myhmanlar janly aýdym-sazlardan, Ýewropanyň tagamlaryndan we Aşgabadyň agşamky ajaýyp görnüşinden lezzet alyp bilerler. Şeýle hem üçünji gatda karaoke meýdançasy hem-de giň tans meýdançasy bardyr.
«Eleven» restoranynyň hünärmenleri bu ýere bir gezek gelen adamyň gaýta-gaýta gelmek isleýändigini ynam bilen belleýärler.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 36/1 jaýy («Şeker» dükanynyň etrapçasy);
- telefon belgisi: (+993 62) 11 81 00, (+993 63) 47 30 30;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.