Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär

14:0909.01.2024
0
23441
Türkmenistanda gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli tomaşa jaýlarynda we Döwlet sirkinde ýaş türkmenistanlylaryň bu döwürde wagtlaryny şadyýan hem-de medeniýetli geçirmekleri üçin ýörite çykyşlar taýýarlanyp, 10-njy ýanwara çenli her gün tomaşaçylara ýetirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň hödürleýän «Şadyýan wäşiler» hem-de «Ependi we onuň goňşulary» ýaly aýdym-sazly, degişme sahnalaryny tomaşa etmäge gelýänleriň sany gün-günden artýar. Gyzgalaňly döwürde körpelere Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Täze ýyl şowhuny», «Gezekli çemçe», «Şadyýan sazandalar», «Aç möjek», «Sakarja geçi» ýaly gyzykly sahna eserleri hödürlenýän bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gopbam towşanjyk», «Esen Şohuň aýdymy», «Bir aždarha bar eken», «Jadyly söz» ýaly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar görkezilýär.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda görkezilýän «Baba Ýaganyň sapalagy» atly sahna oýnuny tomaşa etmäge gelýänleriň sany hem gün-günden artýar.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar!», «Ýartygulak», «Aladdin», «Şadyýan şou», «Çagaly öý bazar», «Jüýteniň toýy», «Arşyn mal alan» ýaly sahna oýunlary görkezilýär. Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda görkezilýän «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşa, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hödürlenýän «Täze ýylyň öwüşginleri» atly ýörite sirk tomaşasy aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna lezzet paýlaýar.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda görkezilýän «Täze ýylyňyz gutly bolsun!», «Jykyr-jykyr gülşeliň!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar «akylly» şäheriň bagtyýar ýaşaýjylaryna şatlyk-şowhun eçilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem, Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Jadygöýüň agyryly dişi», «Batyr towşanjyk», «Sagadyň dili», «Horazjygyň başdan geçirenleri», «Kör garga», «Towşanyň öýi», «Aýazbabanyň haty», Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Täze ýyl agşamy», «Tilki dostlugy», «Dostlugyň güýji», «Garry möjek», «Azaşan owlak», Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Hoş geldiň Täze ýyl!», «Altyn balyk», Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Şadyýan sazandalar», «Mähek daş», «Batyr towşan» hem-de «Sakarja geçi» ýaly gülküli, gyzykly sahna eserleri görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň