Soňky habarlar

Arhiw

«Samsung» aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy

12:5509.01.2024
0
34305

Las-Wegasda geçýän «Consumer Electronics Show (CES) 2024» tehnologik sergisinde «Samsung» günorta koreý kompaniýasy microLED tehnologiýasynda işleýän dünýäde ilkinji dury displeýleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Ren.tv» habar berdi.

Kompaniýa ekranlaryň üç nusgasyny görkezdi, olaryň biri çarçuwasyz bolup, galyňlygy santimetre deň adaty aýna bölegini ýatladýar. Beýleki iki ekran görkezilýän wideoşekilleri synlamak üçin biraz garaldylandyr.

Sergä gatnaşan žurnalistler tanyşdyrylan displeýlere tomaşa edeniňde, howada gologramma şekilleri synlaýan ýaly duýgy döreýändigini ýazýarlar. Galyberse-de, pikselleriň ýokary syklygy we ýagtylygy öňki OLED esasly dury ekranlardan has ýokary hilliligi üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň