Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

12:3009.01.2024
0
35978

Serdar Berdimuhamedow öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy, Aşgabatda ÝUNESKO-nyň goldaw bermeginde guralýan moda görkezilişiniň ikinji güni geçirildi, Türkiýäniň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, şeýle hem ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Degişli tabşyryklar welaýatlaryň häkimleriniň hem-de obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň gatnaşmagynda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda berildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

2. Aşgabatdaky Modalar öýünde türkmen paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilmegi mynasybetli milli türkmen lybaslarynyň moda görkezilişi geçirildi. Çärede türkmen öýmeleriň, keşdeleriň we milli lybaslaryň toplumlary görkezildi. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary moda görkezilişiniň üstüni ýetirdi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşyşdy. Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny kanagatlanma bilen nygtadylar we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem türkmen hünärmenleriniň Türkiýede bilim almagynyň ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi we ilçä diplomatik işlerinde üstünlik arzuw etdi.

4. Dürli ylmy edaralaryň wekillerinden ybarat hytaýly alymlaryň topary Türkmenistana geldi. Saparyň maksady türkmen kärdeşleri bilen duşuşmakdyr. Myhmanlar üçin Bokurdak şäherçesine syýahat guraldy. Hytaýlylar sazak ýaly ýerli ösümlikleri gözden geçirdiler, ýerli ýaşaýjynyň ak öýüne myhman boldular we milli aşhananyň tagamlaryny dadyp gördüler. Şeýle hem wekiliýet çöl meteorologiýa bekedine baryp gördüler, merkeziň öňünde bu ýerler üçin adaty bolmadyk pisse agaçlary ekilipdir. Myhmanlar Türkmenistanyň çölde ösümlikleri ekmek we olary akklimatizasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny bellediler.

5. «Turkmenportalda» meşhur türkmen aktrisasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa bagyşlanan dokumental film çykdy. Surata düşüriş topary Apbasowanyň özi we onuň kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy, olar tomaşaçylaryň dürli nesilleriniň söýgüsini gazanan aktrisanyň ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.

Dünýäde

6. BAE-de 10-njy çöldäki düýe ýaryşy tamamlandy. Oňa 16 ýurtdan 37 çapyksuwar gatnaşdy. Olar 550 kilometr aralygy geçdiler. Ýaryşa taýýarlygyň çäklerinde gatnaşyjylaryň hemmesi iki aýlap türgenleşik geçdiler, şol döwürde olar düýe münmek, kerwenli syýahat etmek we çölde ýaşamak endiklerini öwrendiler.

7. Hytaýda robotlar bilen işleýän dünýäniň iň beýik gök önüm fermasy döredildi. Ferma Siçuan welaýatynda ýerleşýär we ol 20 gatly binadyr. Onda ähli işler, şol sanda suwaryş, hasyl ýygnamak we ösüş şertlerine gözegçilik işleri doly awtomatlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýanyň kömegi bilen Hytaý howa şertlerine garamazdan, ilatyny tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edip biler.

8. ABŞ-daky «Herşi» hokkeý toparynyň janköýerleri oýnuň dowamynda buz meýdançasyna 74 599 sany ýumşak oýnawaç zyňyp, täze dünýä rekordyny goýdular. Buzdaky oýunjaklaryň köpdügi sebäpli oýny bir sagada golaý wagt togtatmaly boldy. Şol wagtyň dowamynda oýunçylar we meýletinçiler ýerli haýyr-sahawat guramalary üçin oýunjaklary topladylar.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol toparynyň derwezebany Resul Çaryýew «Transfermarkt» portalyna görä, Merkezi Aziýada iň köp tölenýän derwezebanlaryň sanawyna girizildi. Täjigistanyň milli ýygyndysynyň we «Istiklol» toparynyň derwezebany Rustam Ýatimow 900 müň ýewro baha bilen sanawda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Resul Çaryýew 175 müň ýewro baha bilen 6-njy orunda ýerleşdi. Geçen möwsüm Rasul «Arkadagyň» düzüminde Ýokary liganyň çempiony we Türkmenistan Kubogynyň eýesi boldy, şeýle hem 2023-nji ýylda ýurduň çempionatynyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi.

10. Sankt-Peterburgyň «Zenit» futbol topary ozal «Palmeýras» toparynda oýnan braziliýaly hüjümçi Artur bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. «Zenit» toparynyň metbugat gullugy täze oýunçyny Peterburgda görýändiklerine şatdyklaryny aýtdy we Artura topar bilen bilelikde täze üstünlikler arzuw etdi. Geçen möwsümde hüjümçi «Palmeýras» toparynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 59 oýna gatnaşyp, 13 pökgi geçirdi. Ondan öň «Zenit» ýene-de iki braziliýaly futbolçy – «Korintians» toparynyň hüjümçisi Pedro we «Fluminenseniň» goragçysy Nino bilen şertnamalara gol çekilendigini habar berdi.

11. Germaniýaly meşhur futbolçy Frans Bekkenbauer aradan çykdy. Ol 78 ýaşyndady. Bekkenbauer futbolyň taryhynda iň beýik goragçylaryň biri hasaplanýar. Ol 1974-nji ýylda dünýä çempiony we 1972-nji ýylda Ýewropa çempiony bolan GFR-iň milli ýygyndysynyň kapitanydy. Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň düzüminde Frans Germaniýanyň çempionatynda we kubogynda dört gezek, Ýewropanyň çempionlarynyň kubogynda üç gezek ýeňiji boldy. Bekkenbauer oýunçy hökmünde karýerasyny tamamlandan soň tälimçi hökmünde üstünlik gazandy – 1990-njy ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysyny dünýä çempionlygyna çykardy. Şeýlelikde, Frans oýunçy we tälimçi hökmünde dünýä çempionatynda ýeňiji bolan taryhdaky üç futbolçynyň birine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň