Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi

11:5509.01.2024
0
27511

Moskwanyň we Bütin Rusuň Patriarhy Kirill Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze ýyl — Roždestwo baýramlarynyň bellenilýän döwri hemişe adamlarda oňyn özgerişliklere garaşmak, kynçylyklary we synaglary üstünlikli ýeňip geçmek baradaky umydy döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Rus prawoslaw ybadathanasy bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň döwürdeşlerimiziň durmuşynda hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, rehimdarlyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, köňül rahatlygyny, rowaçlyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň