Top.Mail.Ru

Saud Arabystany ähli sebitlerde nebitiň nyrhlaryny arzanlatmakçy

10:5109.01.2024
0
16236
Saud Arabystany ähli sebitlerde nebitiň nyrhlaryny arzanlatmakçy
Surat: armenpress.am

Saud Arabystany 2024-nji ýylyň fewralyndan başlap, sebitleriň ählisi üçin nebitiň bahalaryny peselder diýip, «Saudi Aramco» döwlet kompaniýasyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Ýagny aziýaly satyn alyjylar üçin «gara altynyň» bahasy bir barrel üçin 2 dollar arzanlar. Netijede, Aziýa eltilýän nebitiň esasy sorty bolan «Arab Light» Omanyň we Dubaýyň nebit bahasyndan 1,5 dollar köp bolar, bu 2021-nji ýylyň noýabryndan bäri iň pes bahadyr.

ABŞ üçin bahalar fewralda barrel üçin 2 dollar, Demirgazyk-Günbatar Ýewropa we Ortaýer sebiti üçin 1,5-2 dollar arzanlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň