Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi

17:3906.01.2024
0
20983

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» ugrundaky baýraga «Altyn asyr» topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de «Arkadag»), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Ahal») – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew («Arkadag»), Wahyt Orazsähedow («Altyn asyr») – hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Rahat Japarow («Ahal») – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew («Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn asyr») – goragçylar; Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Magtymberdi Berenow («Nebitçi»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ahmet Ataýew («Altyn asyr») – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»), Hojanazar Gurbanow («Aşgabat») – hüjümçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň