«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş gerimi 8,6 metre barabardyr. Elektrik uçarynyň iň ýokary tizligi sagatda 185 kilometre ýetýär.
Işläp düzüjiler AG60E howa ulagynyň ilkinji uçuş synagyndan üstünlikli geçmeginiň Hytaýyň awiasiýa pudagynyň ösüşinde möhüm tapgyrdygyny belleýärler.