Nusgawy suratkeş Zurab Sereteli «Kp.ru» saýty bilen söhbetdeşlikde özüniň uzak ýaşynyň syryny paýlaşdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Men uzak ömürliligim enem-atamdan gan arkaly geçendir, belki-de heniz durmuşa geçirmeli köp maksatlarymyň bardygy üçindir» diýip, Sereteli aýtdy.
Häzirki döwrüň iň tanymal suratkeşleriniň biri ertire ynam, adamlara we öz käriňe söýgi bilen ýaşamagy maslahat berdi.

