Turkmenportal logo
03.01.24
5428454284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkmenportal» meşhur gahrymanlaryň täze sahnalaryny hödürleýär

«Turkmenportal» web sahypasynda meşhur türkmen artistleriniň gatnaşmagynda surata düşürilýän «Ýüzüň gülkünç» atly gysga göwrümli degişme sahnalaryň täze görkezilişiniň birinji bölümi ýerleşdirildi.


Meşhur artist Hojadurdy Ýegendurdyýew we Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, ýagny Hoja Hojaýew hem-de Aşyr dädäniň rowaýata öwrülen başdangeçirmeleri gaýdyp geldi.



«Turkmenportal» tarapyndan hödürlenen görkezilişiň birinji bölümi 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda agşam ýaýradyldy we oňa üç günde 15 müňden gowrak tomaşa edildi. Ilkinji bölümi şu baglanyşyk arkaly görüp bilersiňiz.


Gysga göwrümli degişme sahnalarynyň indiki bölümlerini «Mediýa» bölüminde yzarlap bilersiňiz.